Monika Rink
Monika Rink 1979-njy ýylda Germaniýanyň Saarbrüken şäherinde dogulýar. Ol dini ylymlary (ylahyýeti) öwrenýär. Ol Bohumda taryh we edebi deňeşdirme ylymlaryny, Berlinde we Ýena şäherlerinde okaýar. Ol köpugurly medeni işgär. Lirikaçy, esseçi we prozaçy, terjimeçi we aýdymlaryň awtorydyr. Mundan başga-da, ol öz konsepsiýa studiýasynda gündelik köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ulanylýan sözlerden we söz düzümlerinden ylham alýan yzygiderli ösýän häzirki zaman leksikasynyň üstünde işleýär. Ol öz edebi döredijilikleri üçin birnäçe gezek sylaglandy: Ol 2008-nji ýylda Ernst- Meister sylaga, 2015-nji ýylda bolsa Kleist baýragyna, 2017-nji ýylda Ernst-Ĵandel baýragyna, 2021-nji ýylda Berliniň Edebiýat baýragyna eýe boldy. Onuň eserleri dürli neşirýatlarda, edebi žurnallarda we gazetlerde çapdan çykýar. Rink şeýle hem PEN - poetlar, esseçiler, nowellaçylar - birleşiginiň agzasy. Germaniýanyň diller we şygryýet akademiýasynyň agzasy.
Kurzbiographie (Monika Rinck)
Somon (Hafiza Kuchkarova)
Кɵлде (Musabayeva Rauza)
Жамгыр (Adisova Aigul Adisovna)
Ähli gośgular