Poeziýa duşuşyklary bu Gazagystanda we Özbegistanda ýeleşýän Gýote institutlarynyň “Merkezi Aziýa uly syýahat” taslamasynyň şygary. Wirtual terjime maslahatlarynyň üsti bilen Merkezi Aziýanyň terjimeçileri Germaniýaly döwürdeş şahyrlarymyz: Anýa Kampmann, Monika Rink, Rike Şeffler, Daniela Seel we Ýan Wagner bilen duşuşyklar geçirdiler. Bu duşuşyklaryň netijesi indi antologiýada we interaktiw web sahypasynda olaryň şygyrlary size elýeterli bolup, lezzet berer.

Haçanda "Uly syýahat” barada pikir edilende, Gýote, Montaign we häzirki zaman Ýewropadaky beýleki intellektuallaryň bilim syýahaty göz öňüne gelýär. Ýöne syýahat, duşuşyk we tejribe alyş-çalşy edebiýat meýdanynda hem geçirse bolýar - muny biz Federiko Italiano hem Ýan Wagneriň 2019-njy ýylda “Beýik syýahat. Ýewropanyň ýaş şygryýet dünýäsine gezelenç”  mysaly esasynda emele gelen “Ýewropa uly syýahat” antologiýasynda görüp bileris. Özbegistanyň we Gazagystanyň Gýote-institutlary bu taslamadan ylham alyp “Merkezi Aziýa uly syýahat” atly taslamasynyň üsti bilen Germaniýanyň we Merkezi Aziýanyň edebiýatyny biri-birine ýakynlaşdyryp, olaryň intellektuall pikir alyş-çalyşmasy üçin mümkinçilik döretdi. 2021-nji ýylda esasy üns häzirki zaman nemes poeziýasynyň Merkezi Aziýa dillerine terjime edilmegine berildi, 2022-nji ýylda Gýote instituty Merkezi Aziýa şahyrlaryny Germaniýa çagyrar.

“Merkezi Aziýa uly syýahat” atly taslamanyň başlangyjy hökmünde Özbegistanly, Gazagystanly, Täjigistanly, Türkmenistanly we Gyrgyzystanly bolan ýüzden gowrak terjimeçiler jemi 50 sany nemes goşgularyny onlaýn maslahatlaryň üsti bilen öz milli dillerine terjime etdiler. Has şowuna düşen terjimeler Gazagystanyň “Steppe & World” neşirýaty tarapyndan neşir edilen SIMURGH ýygyndysyna goşuldy. Mundan başga-da, interaktiw web sahypasy diňe bir goşgularyň we olayň milli dillere edilen terjimeleriň prosesine ýönekeý bir gatnaşmak bilen çäklenmän, eýsem awtorlaryň we terjimeçileriň tekst we wideo görnüşindäki goşgularyna düşündirişlerini we öz pikirlerini  goýmaga mümkinçiliklerini döretdi.

2022-nji ýylyň ýazynda şahyrlar we terjimeçiler şuňa meňzeş duşuşyklar geçirerler: Daşkende geçiriljek ilkinji Halkara Şygryýet festiwalynda Özbegistan we Gazagystanyň Gýote-Instituty nemes şahyrlaryny, Merkezi Aziýanyň ýazyjylaryny we terjimeçilerini, şeýle hem ýerli okyjylary duşuşyklara çagyrar.

“Merkezi Aziýa uly syýahat” atly taslamanyň özeni terjimeçilikdir: ýagny, häzirki zaman nemes dili poeziýasy öýjükli terjimeçilik seminarlarynyň üsti bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bäşisiniň milli dillerine terjime edilmelidir. Mart aýyndan sentýabr aýyna çenli köp sanly terjimeçi we şahyrlar häzirki zaman nemes ýazyjylarynyň goşgularyny öz milli dillerine terjime etmegiň we redaktirlemegiň üstünde işlediler. Tejribeli moderatorlaryň ýolbaşçylygyndaky gatnaşyjylar, sosial ulgamlar arkaly biri-birleri bilen duşuşdylar. Moderator hökmünde tejribeli terjimeçiler ýa-da şahyrlar çykyş etdiler: mysal üçin Özbegistanda terjimeçilik maslahatyna ýolbaşylyk edenler: Hafiza Kuçkarowa, ol (Elke Heidenrichiň we Bernd Schröderiň) “Köne söýgi”  atly eserini hem-de (Daniel Glattaueriň) “Demirgazyk ýele garşy oňat serişde” ýaly eserleri özbek diline terjime etdi, we Tyllaniso Eşboýewa, şahyr we Özbegistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň kandidaty. Täjigistanda Kudjand döwlet uniwersitetiniň professory Muso Saidow seminara ýolbaşylyk etdi.

Gazagystanda Rauza Musabaýewa seminara ýolbaşçylyk etdi. Ol Gazagystanyň žurnalistler bileleşiginiň agzasy, mugallym, terjimeçi. Ol şeýle hem: Willi Bredel, Kornelius Petkau we Eleonore Hummel ýaly awtorlaryň eserlerini gazak diline terjime etdi.

Aýgul Adisowa, gyrgyz terjimeçileriniň seminaryna ýolbaşçylyk etdi. Ol terjimeçi, şahyr, nemes dili mugallymy, Gýote-Instituty tarapyndan we Şweýsariýanyň “Looren” atly terjimeçilik merkeziniň geçiren birnäçe seminarlara gatnaşyjy.

Türkmen terjimeçilerine ýolbaşçylyk eden, terjimeçi we nemes dili mugallymy Ogulmaral Muhammedowa.

Terjime seminarlary onlaýn ýagdaýda - Özbegistanda, mysal üçin, “Telegram” habar gullugy arkaly guraldy. Moderatorlar her gün Telegram kanalynda jemi 50 nemes goşgusynyň birini çap edýärdiler. 100-den gowrak terjimeçi we şahyr soňra özbaşdak ýa-da toparlarda terjime edip işlediler. Ýuwaş-ýuwaşdan seminara gatnaşyjylar Anýa Kampmanyň, Monika Rinkiň, Daniela Seeliň, Rike Şeffleriň we Ýan Wagneriň on goşgusyny Özbek diline terjime etdiler. Her gün agşam, terjimeçiler ýene-de moderatorlar bilen onlaýn duşuşyklar geçirip, goşgularyň manysy barada, terjimelerde duş gelýän kynçylyklar barada özara pikir alyşýardylar. Onuň netijesinde gatnaşyjylar moderatorlardan terjimeçilik üçin edebi materiallary alýardylar. Maý aýynda terjimeçiler awtorlar bilen onlaýn duşuşdylar we olar awtorlara goşgular barada özlerini gyzyklandyran soraglary berip, şahyrlaryň özünden göniden-göni jogap alyp bildiler hem-de özara pikir alyşdylar. Goşgularyň terjimesi indi Gazagystanyň “Steppe & World” neşirýatynda “Simurgh” atly antologiýa toplumynda çapdan çykar. Mundan başga-da, interaktiw web sahypasy terjimeleri ýygnaýar we terjimede gabat gelýän kynçylyklar barada birnäçe düşündiriş işlerini geçirýär. 

Häzirki zaman nemes dili şygryýetiniň, has dogrusy, nemes dilinde gepleşilýän ýurtlaryň Poeziýasynyň güllläp ösen döwri bireýýäm yzda galdy.

Nemes edebiýatynyň uly kitap bazarynda, ýagny döwürdeş edebiýat eserleri bilen doldurylan ýerinde poeziýa bolan zerurlyk ýok ýaly bolup görünýär. Ýylda diňe Germaniýada ilkinji neşirlerde 70 000 töweregi kitap çapdan çykýar. Bularyň otuz göterimi çeper eserler düzýär. Galany çagalar üçin, ylmy-meşhur kitaplar bolup durýar. Olardan diňe 2000 sanysy statistika esasynda birikdirilen žanra, ýagny poeziýa we drama degişlidir. Bu ugurdaky täze neşirleriň takmynan elli göterimini beýleki dillerden terjime edilen goşgular ýygyndysy öz içine alýar .
Bu eseleriň köpüsi, öz gezeginde, kiçi we orta göwrümli neşirýatlar tarapyndan, köplenç hem çäkli neşirlerde, ýagny ýüz ekzemplýar töweregi çapdan çykýar. Diňe sanaýmalyja eserler uly çaphanalara we kitap bazarlaryna ýetýär. Liriki eserleriň iň köp satylanlaryň sanawyna ýetmegi (Germaniýada adamlar ölçemäni we deňeşdirmegi halaýarlar) ýa-da esasy kitap baýragyny almagy bolsa gudrat diýen ýalydyr.

Nemes dilindäki poeziýa meýdany beýleki ýurtlaryň poeziýa edebiýaty üçin açyk bolmagy- ajaýypdyr. Daşary ýurt edebiýaty hemişede terjime edilýädi: ilki latyn we fransuz dillerinden, soňra ispan we italýan dillerinden. William Şekspiriň eserleriniň terjimesi bolsa nemes poeziýasynyň ösmegi üçin aýgytly itergi boldy. Bu terjimeler latyn dili edebiýatynyň mirasyndan başlap, giçki Barokka erasynyň döredijiligini, takmynan 1600-nji ýyllara çenli öz içine alýar. Bu öz tassyklamasyny Martin Opisiň 1624-nji ýylda "Nemes şygryýeti" atly kitabynda öz ornuny tapdy. Weimar Klassiki edebiýaty döwründe, ýagny grek edebiýatynyň mirasynyň gaýtadan dikeldiş döwri bilen bilelikde (edil göniden-göni mirasdüşerlik esasynda bolman, eýsem adamperwerlik we ruhy baýlyklaryň birikmegi netijesinde dowam eden) - nemes intellektual dünýäsi Gündogaryň poeziýasyny açypdyr. 1812-nji ýylda Iosif fon Hammer-Purgstall Pars şahyry Hafiziň "Diwanyny" terjime edip, Gýote "Günbatar-Gündogar diwany" (1819/1827) ýazmagyna itergi berdi.  Bu bolsa öz gezeginde nemes gündogar gözleglerini esaslandyryjy şahyr we alym Fridrih Rückerti ruhlandyrdy,ol Gurhanyň böleklerini we 9-njy asyrdaky arap şahyry Abu Tammamyň eserini terjime eden we ahyrsoňy sopuçylyk ussady Mewlana Jelaleddin Rumynyň gazallarynyň terjimesi bilen meşhur bolupdyr. Şeýle hem, nemes şygryýetine gazallaryň täze görnüşini girizdi. Napoleonyň agdarylmagy we 1848-nji ýyldaky şowsuz buržuaz rewolýusiýasyndan soň, poeziýa - täzeden pikir etmek üçin zerur aragatnaşyk serişdesine öwrüldi. Polýak, çeh ýa-da wenger ynkylapçylarynyň goşgulary nemes diline terjime edildi. 20-nji asyryň başynda ruslaryň "Kümüş asyrynyň" poeziýasy nemes dili edebiýatyna ornaşdy. 1945-nji ýylyň maý aýynda nemes kapitulýasiýasyndan soň, 20-nji asyryň birinji ýarymynda şol aralykda bölünen Germaniýada, esasan fransuz we rus ýa-da sowet şahyrlaryň eserleri terjime edilmegi üçin ýene birnäçe ýyl gerek boldy. 1962-nji ýylda Amerikanyň edebiýatynyň gizlin akymynyň wekili bolan Alan Ginsburgyň we Jek Kerouagyň ilkinji "Beat" antologiýasy Günbatar Germaniýada neşir edildi, Gündogar Germaniýa bolsa 1963-nji ýylda Sowet edebi akymynyň wekili bolan Yewgeniý Ýewtuşenkanyň goşgularyny terjime edýär. Andreý Wosnesenskiniň terjimeleri Germaniýanyň iki ýerinde-de bir wagtda diýen ýaly peýda boldy. Onuň ýoldaşy we şahyr dosty gazak Oljas Süleýmenowyň 1978-nji ýylda "Liriki albom" atly eseri nemes dilinde neşir edilen, ilkinji Merkezi Aziýa şahyrynyň döredijiligidir. 1960-njy ýyllar poeziýa döredijiliginiň we terjimeleriň gülläp ösýän döwri boldy. Syýasy galkynyş döwürde italýan, grek, türk we ispan dillerinden nemes diline birnäçe edebi eserler terjime edildi. Pablo Neruda we Ernesto Kardenal ýaly Latyn Amerikasynyň şahyrlarynyň eserleri nemes dilli ýurtlarda iň köp sanda neşir edildi. Terjime edilen dilleriň sany şu güne çenli köpelýär, şol sana Islandiýa we Gürjüstan ýaly kiçi döwletleriň milli dilleri hem girýär. Beýleki tarapdan, Merkezi Aziýa döwletleriniň dillerindäki poeziýa eserleri nemes diline doly manyda terjime edilmedi diýen ýaly, muny biz gazak şahyry Mukaghali Makataýewiň eserleriniň nemes diline rus diliniň, ýagny arabaglaýyjy diliň kömegi bilen terjime edilmeginde görýäris.

Nemes şygryýeti, esasanam 1950-nji ýyllaryň ahyryndan Günbatar Germaniýa işçi güýjüniň gelmegi netijesinde, türk diliniň täsiri esasynda dürli akymlaryň peýda bolmagy bilen baýlaşdy . Yüksel Pazarkaýa, Aras Ören ýaly asly türk şahyrlar ýa-da Zafer Şenoçak, iki ýurtda sosiallaşan, iki dilde ýazýan, ýazan mowzugyna baglylykda nemes ýa-da türk diline hem özleriniň, hem beýlekileriň eserlerini terjime etmek bilen meşhur boldular. Olaryň eserleriniň  esasy mowzugy iki jemgyýetde hem iki dilde ýüze çykan ýat hem-de keseki ýurtda ornaşmaklyk meselesi bolup durýar. 1995-nji ýylda Feridun Zaimoğlu immigrantlaryň we olaryň çagalarynyň nemes jemgyýeti tarapyndan ýeterlik derejede kabul edilmedik ýa-da ýeterlik derejede kabul edilmedik gürleýiş dilini beýan edýän "Kanak Sprak – Jemgyýete birikmedik 24 sany düşnüksiz sesler" atly eserini hödürledi. 1998-nji ýylda munuň esasynda ylhamlanan "Kanak Attak" atly, etniki aýratynlyklara we gowy niýetli köp medeniýetlilige çagyryp çykyş eden sungat işgärleriniň we aktiwistleriň erkin birleşigi döredildi.

Bu bireleşmä girýän şahyrlaryň we okyjylaryň sanyny resmi we resmi däl derejede köpmilletli agzalardan düzülendigini ýatdan çykarmaly däldir. Mysal üçin, Bert Papenfuss ýaly şahyrlar öz polýak garşydaşlarynyň eserlerini hiç bir neşirýada bagly bolmazdan terjime edýärdiler. Edebiýat öýleri, fondlar ýa-da Gýote instituty ýaly guramalar edebiýat agşamlarynda terjime ussatlygy atly duşuşyklary gurnaýarlar. Arap dünýäsindäki ganly çaknyşyklar sebäpli köp adamlar ýurtlaryny terk etmeli boldylar. Nemes ýazyjylary Germaniýa gaçyp gelen kärdeşlerine kömek etmek üçin öz güýçlerini birikdirip, terjimeçileri, neşirýatçylary we olaryň eselerini köpçülige ýaýratmak mümkinçiliklerini gözlediler. Mysal üçin, syýasy yzarlamalardan gaçmaly bolan siriýaly şahyr Lina Atfah on iki terjimeçiniň goldawy bilen 2019-njy ýylda Germaniýada arap-nemes goşgular ýygyndysyny neşir edip bildi. Nemes we gürji dillerinde ýazýan Nino Haratişwili oňa sözbaşy ýazyp köpçüligiň ünsüni çekdi. 2017-nji ýyldan bäri "Ýazmagy dowam etmek" şygaryň inisiatiwasy esasynda uruşdan we yzarlamalardan gaçyp gelen şahyrlara we proza ýazyjylaryna iş ýerini, çykyş etmek we neşir etmek mümkinçilikleri döredilýär. Bu bolsa köplenç ownuk hem agyr iş we ol ýerde ýazylanlaryň hemmesi öz okjylaryny tapmaýardy. Emma bu taslama liriki sesleriň sürgünde dymmagynyň öňüni alýar. Munuň aňyrsynda bolsa, bu goşgularyň çylşyrymly ýollaryň üsti bilen: web sahypalary, habar hyzmatlary we sosial- media arkaly degişli ýurtlardaky, goý ol Owganystandaky bolsun ýa-da Belarussiýadaky ýüzlenilýänlere baryp ýetjekdigine umyt berýär. Bu jiltde ýygnanan bäş şahyr, häzirki zaman nemes poeziýasynyň ähli öwüşginini we tematiki ugurlaryny doly görkezip bilmez. Ýöne bu goşgular ýygyndysy nemes diliniň formasyna many-mazmunyna düşünmek üçin ýeterlikdir we beýleki eserleri, şol sanda beýleki şahyrlary hem okamaga höwes döredýär. Bu ýerde hödürlenen şahyrlaryň eserlerini nesillere bölmeklik diýseň resmi bolar. Bu goşgular ýygyndysy, has dogrusyny aýdanyňda däp-dessurlardan täze akyma geçişleri, retrospektiwalary, erkinligi, anyk poeziýany, sesli şygryýetiň owazlaryny öz içine alýar. Olaryň umumy aýratynlyklary; goşgularyň rifmalardan, setiriň ahyrynda kapyýalaşmakdan ýüz öwürmegi hem-de şekilleri has baý suratlandyrylmagydyr.  Bu terjime üçin kyn talap, ýöne onda-da ol bu ýerde ajaýyp özleşdirilen. Uzak wagt bäri özara terjime edilen köp sanly dilleriň arasynda (iňlis we nemes ýa-da rus we orta Aziýa dilleriniň arasynda) umumy meta diliniň bir görnüşi emele gelip, bu merkezi Aziýanyň hem nemes dili goşgularynyň arasyndaky liriki dialogy emele getirmeli.

Bu jildiň ýene bir umumy tarapy sanalyp geçilen şahyrlaryň okyja ýa-da diňleýjä jaň edip plan ýeri eýle et  ýa-da plan setiri galdyryp git diýip görkezme berip bilmeýänligindedir. Olar dürli ýagdaýlary, adamlary, tebigaty, adamlaryň rurhy ýagdaýlaryny suratlandyrýarlar. Emma baha bermek ýa-da teswirlemek (iň bolmanda örän ýönekeý mysal arkaly) islemeýärler. Käbir eserleriň mazmunyny goşmaça düşündirmeli, sebäbi bu okyjylara ýa-da diňleýjilere goşgularyň manysyna düşünmek üçin zerur. Olaryň umumylyklarynyň biri hem liriki  “men” ýönkeme yza çekilip, onuň esasy ähmiýeti gaçyp, bitewiligiň bir bölegine öwrülýär. Elbetde bularyň umumy manysyna düşünmek üçin, daşky dünýäni terk edip, şahsy salgylanmalara garaman, hat-da has ýakyn duýgularyňy terk edip, gözýetimiňi, dünýäniň zalymlygynyndan, iki ýüzliliginden daşlaşdyryp, özüňi belli bir sahnada goýup, esasy roly öz üstüňe almaly.

Monika Rink, 1969-njy ýylda Raýnland-Pfals welaýatynyň Zwaýbrüken şäherinde doguldy. Dini öwreniş, taryh we deňeşdirme edebiýatyny öwrendi. Aýdym-saz we grafika dizaýny bilen hyzmatdaşlygy gözleýän söz we söz düzüjisi. Awtor, ýazyjy, şahyr we terjimeçi bolup işleýär. Şahyryň ilkinji goşgular ýygyndysy 2004-nji ýylda neşir edildi.

Ýan Wagner 1971-nji ýylda Gamburg şäherinde doguldy. Ol iňlis dili filologiýasyny tamamlap, erkin ýazyjy, edebiýat tankytçysy, redaktor we terjimeçi bolup işleýär. Ol şeýle hem edebiýat we ylymlar akademiýasynyň we Germaniýanyň Dil we şygryýet akademiýasynyň agzasy. Şahyryň ilkinji goşgular ýygyndysy 2001-nji ýylda neşir edildi.

Daniela Seel 1974-nji ýylda Maýn derýasynyň ýakasyndaky Frankfurt şäherinde doguldy. Ol germanistika we edebiýaty öwrenýär. 2003-nji ýylda grafika suratkeşçisi Andreas Töpfer bilen bilelikde döreden kookbooks neşirýatynyň şahyry, terjimeçisi, redaktory we neşirýatçysy bolup işleýär. Şahyryň ilkinji goşgular ýygyndysy 2011-nji ýylda çapdan çykdy.

Anýa Kampmann 1983-nji ýylda Gamburg şäherinde doguldy. Germanistika we edebiýaty öwrendi, goşgular we proza eserlerini neşir edýär we häzirki zaman sazynyň kompozitorlary bilen işleýär. Şahyryň ilkinji goşgular ýygyndysy 2016-njy ýylda çapdan çykdy.

Rike Şeffler 1985-nji ýylda Berlin şäherinde doguldy. Psihologiýa we edebi ýazuw ugrundan bilim aldy. Ol sazanda we ýerine ýetiriji hökmünde çykyş edýär we tekst bilen sazyň interfeýsinde hereket edýär. Şahyryň ilkinji goşgular ýygyndysy 2014-nji ýylda çap edildi.

Epilog:

Ynha garagol poeziýa henizem şol bir ýerde otyr, gartaşan poeziýa üstünden ýyllaryň geçendigini bilýär we çagalaryna, çagalarynyň çagalaryna we olaryň çagalaryna garaşýar, olar gelerler we onuň göwsünden iýmitlenerler. Olar stadiondaky futbol janköýerleri kimin  topar bolup gelmezler, ýöne hersi islän wagtlary yzly-yzyna gelerler. Çagalarynyň çagalarynyň çagalary köne we täze aýakgaplar bilen örtülen şkaflardan gaçmaga synanyşýarlar, olar şeker-süýji lezzetli ýorgan-düşek bilen örtülen otly meýdanda büdreýärler, olar ýagty asmany synlamak isleýärler, şemalyň  ysyny almak isleýärler, suwuň tagamyny datmak isleýärler. Hem bulary suratlandyrmak üçin söz baýlygyny gözleýärler, özleri we başgalary üçin, olaryň ellerinde näme bar we nämäni saklamak isleýärler. Mümkin bolan zady däl-de, zerur zady. Mümkinçilikler gaty köp. (Adamzat saýlamaly). Gartaşan zenan poeziýa bagtly, ol bilýär: onuň ýygyrtlarynda we gar sepelenen saçlarynda durmuş we dünýä tejribesi ýerleşýär hem-de ony ýylsaýyn gözelleşdirýär. Beýle birini pensiýa çykaryp bolmaýar. Ol biri zerur.

Jeanine Dagyeli

Wena, 2022-nji ýylyň ýanwar aýy
Ähli gośgular