Ýan Wagner
Ýan Wagner 1971-nji ýylda Germaniýanyň Gamburg şäherinde doguldy. Ol 1995-nji ýyldan bäri Berlinde ýaśaýar. Ol: şahyr, ýazyjy we terjimeçi. Şeýle hem iňlis dilinde ýazýan şahyr. 2003-nji ýyla çenli ol halkara “Edebiýat gutujygynda”, “Elementleriñ daşky görnüşi atly” goşgular toplumyny şol gutujygyň içinde “solan ýapraklar” görnüşinde köpçülige hödürledi. Ýan Wagner özüniň ilkinji goşgular ýygyndysy bolan “Asmandaky burow synagy”- atly eserini 2001-nji ýylda çapdan çykardy. Şondan soň ol birnäçe goşgularyny, goşgular ýygyndysy hökmünde köp gezek antalogiýalarda, žurnallarda çapdan çykardy we şol eserleri üçin birnäçe sylaglara, ÿagny: 2015-nji ýylda Leýpsigiň kitaplar ýarmarkasynyň sylagyna, 2017-nji ýylda Georg - Bükner sylagyna eýe boldy. Onuň soňky çapdan çykan eseri, ýagny 2019-njy ýylda Federico Italiano bilen bilelikde "Hanser" neşirýatynda “Beýik syýahat. Ýewropanyň ýaş şygryýet dünýäsine gezelenç” - atly antalogiýasy köpçülige hödürlenýär. Şeýle hem Wagner Germaniýanyň diller we şygryýet akademiýasynyň, Germaniýanyň sungat we döredijilik merkezi bolan PEN ýazyjylar birleşiginiň
Kurzbiographie (Jan Wagner)
Ähli gośgular