Rike Şeffler
Rike Şeffler 1985-nji ýylda Berlinde dogulýar. Ol şahyr hem sazanda. Ol Berlinde psihologiýany öwrenýär, şeýle hem Leýpsigdäki nemes edebiýaty institutyny okap gutardy we birnäçe stipendiýalara, grantlara eýe boldy. Meselem: "Brandenburger Tor" atly grandy, Berliniń sungat akademiýasynyņ we Gýöte Institutynyň hem grantlaryny aldy. Onuň "Galanlary rezonansdyr" atly goşgular toplumy " Kookbook" neşirýaty tarapyndan 2014- nji ýylda çap edilip, syýasy hem öňdebaryjylygy üçin "Orphil" baýragyna eýe boldy. Şeffler öz eserlerini žurnallarda we antalogiýalarda, şeyle hem şygyrlaryny sahnalarda saz bilen, ses berilen kollažlaryň üsti bilen märekä hödürleýär. Şonuň üçin ol köplenç beýleki sungatçylar bilen işleşýär. Ol Berliniń KOOK atly sungatçylar birleşiginiń agzasy. Şeffleriň ilkinji eserleriniň biri bolan "Soundinstallation Becoming Water"- atly ýygyndysy 2019-njy ýylda Parižyň "Tokýo köşgünde" köpçülige hödürlendi.
To do (Zuhro Gulomova)
Kurzbiographie (Rike Scheffler)
Ähli gośgular