Daniela Seel
Daniela Seel 1974-nji ýylda Maýn derýasynyň boýnundaky Frankfurt şäherinde doguldy, şol ýerde ýaşaýar we döredijilik işi bilen meşgullanýar. Ol Berlin şäherinde terjime hem neşirýat işleri bilen meşgullanýar. Daniela Seel 2003-nji ýylda magaryfçy hem kitap dizaýneri Andreas Töpfer bilen bilelikde "Kookbooks" garaşsyz neşirýaty, ýagny şygryýet- durmuşyň bir görnüşi hökmünde - atly poeziýa laboratoriýasy bolan häzirki zaman şygryýeti üçin iň möhüm nemes neşirýatynyň düýbüni tutdular. Onuň 2011-nji ýylda çykan şygyrlar toplumy bolan “Men bu ýeri ýene tapyp bilmen” eseri Friedrich - Hölderlin atly sylagy başga-da Ernst-Meister sylagyny, Lotto Brandenburgyň sungat sylaglaryny alýar. Onuň yz ýany 2015-nji ýylda täze şygyrlar toplumy bolan “Sen jülge hakynda näme bilýärsiň?” - atly eseri çapdan çykýar. Onuň şygyrlary žurnallarda, gazetlerde, antalogiýalarda yzygiderli çap edilýär, radioda we internetde goýberilýär. Häzirki wagta çenli onuň eserleri 13 sany daşary ýurt dillerine terjime edildi.
Kurzbiographie (Daniela Seel)
Ähli gośgular